Talyplyga dalaşgärler üçin göz öňünde tutulýan ýeňillikler

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurtda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, degişli dalaşgärler üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bular barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda:

  • ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň;
  • maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň;
  • harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň;
  • köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi kesgitlenilýär.

Şeýle-de bu Kanunda:

  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň;
  • taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň;
  • taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň;
  • III topar maýyplygy bolanlaryň;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň;
  • saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan edilýär.