ÝAŞLAR HAKDA ALADA

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda bilim ulgamynda il-ýurt bähbitlerine gönükdirilen özgertmelere badalga berdi. Geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalandyrylyp, ilatyň ýaşaýyş derejesi has-da ýokarlanýar, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Diýarymyzyň durmuşynda örän gysga döwürde bolup geçen özgertmeler döwletimizi dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen, gülläp ösýän ýurt hökmünde öňe çykardy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçirilýän ýurt ähmiýetli, il bähbitli işlerde esasy orun ýaş nesil baradaky alada bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde we ony şu günki günüň talaplaryna, dünýä derejesine laýyk gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda bitirýän işleri durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär.

Ýaşlaryň dünýä ylmynyň gazananlaryny özleşdirip, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ökde hünärli adamlar bolup ýetişmegi babatda Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary rowaçlyk bilen durmuşa geçirilýär. Muňa paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde bar bolan ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň durkunyň täzelenilmegi hem-de olarda ähli zerur bolan tejribe enjamlarynyň, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterleriň, iň täze okuw usullarynyň ornaşdyrylmagy hem mysal bolup biler.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly meniň ýaş kalbymda müdimilik orun alyp, öçmejek yz goýan ýyllaryň biri boldy. Çünki şu ýyl ylym-bilimi adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlyk hökmünde kesgitleýän Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýagty hem-de nurana geljegimiz üçin, ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, maňa Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ykbalyň özüme eçilen bagt paýyndan peýdalanyp, talyplyk döwrümde diňe ýokary bahalar bilen okap, ussat oba hojalykçy bolup ýetişerin. Oba hojalyk pudagyny ykdysady taýdan has girdejili pudaga öwürmäge, bu pudakda ýüze çykýan gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmaga öz mynasyp goşandymy goşaryn. Ýaşlaryň çagalyk arzuwlarynyň hasyl bolmagy, biziň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagymyz hem-de zehinlerimizi, ukyp-başarnyklarymyzy açyp, döwletimiziň mynasyp raýatlary bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertleri we mümkinçilileri döredýän Hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!

Alişer ANNAMÄMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.