WYSAL BOLAN ARZUW

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bilim - bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” diýen pähimi meniň kalbymda orun aldy. Dokma dokap el işleri bilen meşgullansamam, ylym-bilim meni has-da özüne çekýär. Ýokary bilim almak baradaky ajaýyp arzuwlarymyň bu günki günde amala aşandygy üçin özümi diýseň bagtyýar ynsan saýýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretler sakasyndan ösmek-örňemek patasyny alan halk hojalygynda täze pudaklar peýda bolýar. Dokma, metallurgiýa, kagyz önümçilikleri ýaly ýurdumyz üçin täze bolan pudaklaryň baýry kärhanalary peýda bolýar, energetika ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzyň nebit-gaz, agrosenagat toplumlarynyň işi barha ilerleýär. Hormatly Prezentimiziň ýadawsyz aladalary bilen bu ugurlar boýunça ökde hünärmenleri öz Watanymyzda taýýarlamak işi ýola goýulýar. Kämil derejede enjamlaşdyrylan ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi bar bolan uniwersitetlerdir institutlarda täze hünärleriň açylmagy, ylmy merkezleriniň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, döwrümiziň badynyň ylma hem bilime eýlenendigine şaýatlyk edýär. Ylmyň hem bilimiň ösýän-örňeýän ýerinde bolsa hemişe bagt hem eşretler bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ykdysady taýdan has girdejili pudaga öwürmäge, bu pudakda ýüze çykýan gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmaga, döwletimizde ösen we köpugurly ykdysadyýeti kemala getirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara ülňüleriniň kadalaryna laýyk getirmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen agrar özgertmelerini durmuşa geçirmäge gatnaşmak arzuwy meni Türkmen oba hojalyk institutyna alyp geldi. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, maňa bu ýokary okuw mekdebiniň Agrohimiýa we agro topragy öwreniş hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Nesip bolsa saýlap alan hünär ugrumyz boýunça ýokary bahalar bilen okap, ökde hünärmenler bolup ýetişerin. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanýan üstünliklerine, eýeleýän belent sepgitlerine mynasyp goşant goşaryn. Berkarar döwletimizde oba hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri obasenagat kärhanalarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge yhlasly zähmetimiz bilen saldamly goşant goşaryn.

Hormatly Prezidentimize çagalyk arzuwlarymyň hasyl bolmagy, maksadymyň myrat tapmagy üçin döredýän ägirt uly mümkinçiliklerine çäksiz sagbolsunlarymy aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!

Leýla SEÝITNUROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş hünäriniň 1-nji ýyl talyby.