Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, belent ruhly, ýokary ahlakly, şeýle hem Watanymyza, halkymyza wepaly nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaş nesiller barada edilýän aladalar bimöçberdir. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ýokary derejede bilim almaklary, hünär edinmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bizi diýseň buýsandyrýar.
“Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz” diýlişi ýaly, meniň çagalykdan arzuwym oba hojalykçy bolmakdy. Orta mekdebi üstünlikli tamamlanymdan soňra “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmen oba hojalyk institutyna resminamalarymy tabşyrdym. Maňa giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, ýokary okuw mekdebiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň üçin bu bagtly pursat ýatdan çykmajak günleriň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giň gerimli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň, ýaşlaryna berilýän umumy bilim, çagalarda iň gymmatly ukyp-başarnyklary açmaga hem ösdürmäge uly amatlyklary döredýär. Okuw-terbiýeçiligiň interaktiw usulyna geçirilmegi bolsa bu işiň netijeliligini has hem ýokarlandyrmagyň oňat serişdesine öwrülýär.
Bilimleriň hem ylymlaryň gaýtadan galkynmagyna ak ýol açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň mähriban ilimize eçilen şuglaly menzillerini sanlar ýa maglumatlar bilen sanamak çetin. Ösüşleri bagyşlan döwrümize buýsanç bu gün bagtyýar ýaşlaryň ýüreginde ýaşaýar, halkymyzyň ykbalyny arşa göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň biz - ýaşlar barada edýän yzygiderli aladalaryna jogap edip, okuwlarymy gowy bahalar bilen okap, saýlan hünärimi göwnejaý ele aljakdygyma ynandyrasym gelýär.
Biz - ýaşlar üçin bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Soltanmyrat AGAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.