Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy, öňdengörüjiligi, parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde bilim ulgamyny ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýöne ýerden däldir, sebäbi häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň bilimine we hünär başarnygyna bagly bolup durýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler we özgerişler” atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Guramaçylykly geçen bu maslahatda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, öňde durýan wezipeler dogrusynda dürli temalarda täsirli çykyşlar diňlenildi. Aýratynam “Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredýän mümkinçilikleri”, “Bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň guwandyryjy netijeleri”, “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaşlarda tebigata söýgi döretmegiň mekdebidir”, “Döwrebap bilim ösüşlere badalga”, “Bilimiň gözbaşy kitapdyr”, “Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalarynyň milli aýratynlyklary”, “Döwrebap bilim bermekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri” ýaly temalar boýunça çykyşlar has hem täsirli boldy.
Türkmen oba hojalyk institutymyzda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de ylym-bilim merkezleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Bu bolsa ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Çykyşlarynyň ahyrynda maslahata gatnaşýanlary baýramçylyk bilen gutladylar we halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Ýazguly ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy