TEJRIBELI IŞGÄRLERIŇ BILELEŞIGINIŇ PLATFORMASY BOÝUNÇA TEGELEK STOL DUŞUŞYGY

2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki merkezi (CAREC) bilen bilelikde gurnan “Tejribeli işgärleriň bileleşiginiň platformasy boýunça” tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de halkara guramalaryň hünärmenleriň gatnaşmagynda örän çekeleşikli we gyzykly geçdi.

Bu ýerde suw baýlyklaryny dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreşmek we ýene-de birnäçe sebitleýin meselelere giňişleýin seredildi. Ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şu platformany ulanmaklyk boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bu taslamanyň ýurdumyz bilen bilelikde alyp barýan işleri barada gürrüň edildi.

Bize halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, halkara tejribelerini öwrenip, öz işimizi kämilleşdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Alimuhammet ŞUKUROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy