2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde “Raýat goranyşy, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda ilaty goranmak” meseleleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşyň Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde guradylar. Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmen oba hojalyk institutyň talyp ýaşlary we mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri bölüminiň Daşoguz welaýat müdirliginiň, Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň, Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, Daşoguz şäher Polisiýa bölüminiň Ýol-gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň Raýat goranyşy bölüminiň müdiri maýor Ş.Mämiýew, Raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri kapitan M.Arazweliýew Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda, Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi üçin döredilýän heläkçilik-halas ediş toparlary, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maglumat we onuň aýanlygy, dünýäniň dürli sebitlerinde tebigy we tehnogen häsiýetli howplaryň ýüze çykmagy bilen emele gelen adatdan daşary ýagdaýlar barada çykyşlarda belläp geçdiler. Çykyşlaryň dowamynda ýörite taýýarlanan slaýdlar hem gatnaşyjylara görkezildi. Munuň özi mugallymlara we talyplara raýat goranyşyň esaslaryny has-da gowy öwrenmäge mümkinçilik döretdi.
Umuman, raýat goranyşyň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda halas ediş işlerini gurnamak meseleleri boýunça Türkmen oba hojalyk instituty we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Daşoguz welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň bilelikde guran wagyz-nesihat duşuşygy netijeli we ähmiýetli çäre boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar asuda, parahat ýurtda ýaşaýandyklary üçin buýsançlaryny beýan edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamak bagtyny peşgeş beren Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Bäşim MÄTNIÝAZOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy