“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyz tarapyndan dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ata Watanymyzyň öňe sürýän parahatçylyk we howpsuzlyk, energetika hem-de ekologiýa babatdaky amala aşyrýan beýik işleri, teklipleri dünýäde uly goldawa eýe bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlar bilen dürli-dürli bäsleşikler yzygider geçirilýär. Şu maksat bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşige ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ähli talyplary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň içinde oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak maksatlary bilen baglylykda 3 sany ugur boýunça (Oba hojalyk taslamalary, IT-taslamalary, Işewürlik taslamalary), iki tapgyrda, türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.

Bäsleşigiň I tapgyrynda talyplar ýerine ýetirilen ylmy-taslamanyň işiniň ýazgysyny (düzgünnamanyň goşundysy bilen) 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron (tohi.tm.info@gmail.com) salgysyna ugradýar.

Bäsleşigiň II tapgyry 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň I tapgyrynyň netijesi boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary internet ulgamynyň üsti arkaly uzak aralykdan Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça prezentasiýa arkaly çykyş edýärler.

Bäsleşige gatnaşýan ylmy-taslamalaryň taýýarlanylyşyna talaplar bäsleşigiň Düzgünnamasynda doly görkezilýär.

Ylym-bilim ulgamynda şeýle bäsleşikleri geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz sag bolsunlarymyzy aýdýarys!