Durnukly ösüşiň maksatlary barada ylmy seminar geçirildi.

Häzirki günde biziň ýurdumyz geljekgi uzak ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply, giň möçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär. Ösüşlere beslenýän döwrümizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply giň müçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnak agzalarynyň gatnaşmagynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna 2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda ylmy seminar geçirildi. Oňa ýokary mekdebimiziň ylmy gurnak ýolbaşçylary hem-de gurnak agzalary gatnaşdy. Onda Ýuldaşewa Hurmagül “Garyplygy aradan ayýrmak” temadan, Begdurdyýew Pirnazar “Açlygy ýok etmek” temadan, Polaýazaow Ýaňyljan “Sagdyn durmuş we abadançylyk” temadan, Döwletow Hemra “Ýokary hilli bilim” temadan, Hamydow Pahat “Arassa suw we arassaçylyk” temadan Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça täsirli ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler.

Gurnak agzalary seminaryň dowamynda Durnukly ösüşiň maksatlaryny meýilleşdirmek we ýerli ýagdaýa laýyk getirmek boýunça tapgyrlaýyn çäreleriň geçirilýändigi barada gymmatly maglumatlary aldylar.

Seminara gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlary durmuşa geçirýän we gözegçiligi üpjün edýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin, tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

“Ýüpek ýoly” gurnagynyň ylmy ýolbaşçysy H.Ýuldaşewa