“ÝOM-lar üçin QS we THE halkara reýtinglerindäki üstünlik / Üstünlige tarap: ÝOM-lar üçin QS we THE halkara reýtinglerinde nawigasiýa” atly seminar duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda “ÝOM-lar üçin QS we THE halkara reýtinglerindäki üstünlik / Üstünlige tarap: ÝOM-lar üçin QS we THE halkara reýtinglerinde nawigasiýa” atly seminar duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan onlaýn görnüşinde gurnaldy. Oňa halkara ekspert, professor Ellen Hazelkornyň gatnaşyp, QS we THE reýtinglerinde ýokary okuw mekdepleriniň derejelerini ýokarlandyrmak boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşyldy.

Bu seminar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek we olaryň dünýä derejesinde iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň sanawyna goşulmagyna giň mümkinçilikler döreder.

Humaý Çaryýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy