“Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni” mynasybetli ylmy seminar geçirildi

Bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, okatmagyň häzirki zaman innowasion usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak döwletimiziň bilim ulgamynyň esasy wezipelerine öwrüldi. Bu wezipelerden ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşi ylmy gurnaklarynyň talyplarynyň arasynda 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda “GeoGIS” ylmy gurnagynyň gurnamagynda “Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni” mynasybetli “Asmanymyzy goramak: maksadymyz ozon üçin amatly planetadyr” atly ylmy seminar geçirdi. Seminara gatnaşýan talyplar ozon gatlagynyň döreýşi, häzirki wagtdaky ýagdaýy, ony gorap saklamak boýunça öz pikirlerini, tekliplerini beýan etdiler we tanyşdyryşlar bilen çykyş etdiler. Bu çäre örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Täsirli çykyş eden talyplar Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň dekanlygy tarapyndan hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Ýaş nesle kämil bilim almaga, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribelerini öwrenmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Dursunjemal DUŞEMOWA

Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi