“Gender deňligi we çeşmelere elýeterlilik: durnukly ösüşiň açary” atly ylmy seminar

Birleşen milletler guramasynyň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmekde 18-nji sentýabrda institutda talyplaryň ylmy gurnaklary tarapyndan 5-nji maksat “Gender deňligi”, 6-njy maksat “Arassa suw we arassaçylyk”, 7-nji maksat “Elýeter we arassa energiýa” we 8-nji maksat “Mynasyp işleri üpjün etmek ykdysady ösüş” ýaly durnukly ösüşiň maksatlary boýunça ylmy seminar geçirildi. Seminaryň dowamynda oňa gatnaşan talyplara durnukly ösüşiň maksatlary olaryň ähmiýeti barada gyzykly maglumatlar ýetirildi.

“Gender deňligi” baradaky maksat boýunça Innowasion agronomçylyk talyplaryň ylmy gurnagy tarapyndan geçirildi. Gender deňligi – demokratiýanyň binýatlaýyn esaslarynyň biri. Onuň durmuşyň ähli ugurlarynda höweslendirilmegi ýaşaýyş hiliniň ýokarlanmagyna amatly şertleri döredýär. Onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birini düzýär.

“Arassa suw we arassaçylyk” baradaky maksat boýunça Inžener gidrotehnik talyplaryň ylmy gurnagy tarapyndan geçirildi. Suw serişdelerini netijeli ulanmak baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleri, daşky gurşawy goramak we ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri barada durulyp geçildi.

“Elýeter we arassa energiýa” baradaky maksat boýunça Inžener konstruktor talyplaryň ylmy gurnagy tarapyndan geçirildi. Türkmenistanyň döwlet energiýa üpjünçilik syýasaty ulanyjylary elektroenergiýa bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge, şeýle hem daşary ýurtly sarp edijilere eksport etmäge gönükdirilýänligi barada gürrüň berildi.

“Mynasyp işleri üpjün etmek ykdysady ösüş” baradaky maksat boýunça Sanly ykdysadyýet gurnagy tarapyndan geçirildi. Türkmenistanda jemi içerki önümiň, jemi milli girdejiniň, maýa goýumlarynyň we ilatyň iş bilen üpjünçiligi barada maglumatlar gürrüň berildi.

Umuman ylmy seminaryna gatnaşan talyplar we mugallymlar Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekdäki maksatlar boýunça özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogaplary aldylar.

Atageldi AMANIÝAZOW

“Sanly ykdysadyýet” talyplaryň ylmy gurnagynyň ýolbaşçysy