Türkmen oba hojalyk institutynda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan ylmy seminary geçirildi. Durnukly ösüş meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan döwleti üçin hem aýratyn derwaýys mesele bolup durýar. Ylmy seminar Durnukly ösüşiň 12, 13, 14, 15, 16, 17 maksatlaryň her biriniň mazmuny, wezipeleri we manysy bilen içgin tanyşdyrmak üçin institutymyzyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitaby Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Kitapda göz öňünde tutulan Durnukly ösüş maksatlary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça esasy ileri tutulýan ugurlary we çäreleri beýan etmäge bagyşlandy.
Ylmy seminaryň “Sarp edişiň we önümçiligiň netijeli görnüşlerine geçilmegini üpjün etmek” maksady boýunça Amaniýazow Atageldi, “Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek” maksady boýunça Ahmedowa Maral, “Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini goramak we netijeli peýdalanmak” maksady boýunça Artykowa Aýjemal, “Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik dürlüligiň ýitmegini bes etmek” maksady boýunça Kerimowa Aýnabat, “Durnukly ösüşiň hatyrasyna parahatçylyk söýüji we açlyk jemgyýetiň gurulmagyna ýardam bermek, hemmelere adyl kazyýetiň elýeterliligini üpjün etmek hem-de netijeli, hasabatly we ähli derejelerde giňden gatnaşmagyna esaslanýan edaralary döretmek” maksady boýunça Dedebaýew Kuwwat, “Durnukly ösüşiň hatyrasyna global hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyryjy serişdeleri pugtalandyrmak we işleri tizleşdirmek” maksady boýunça Ataýewa Akjagül täsirli çykyşlary etdiler.
Seminarda Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynda eýýäm gazanan üstünliklerini, şeýle hem ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça meýilnamalaryny açyp görkezdiler.
Ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berlip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bellenen meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris.
Aýjemal ARTYKOWA
Talyplaryň Inžener-meliorator ylmy gurnagynyň ýolbaşçysy