Mukaddes Garaşsyzlygymyza guwanmak oň beýik ösüşlerine guwanmak uly bagt. Bagtyýarlygyň erkana şemalyny ýüze sylan agzybir halkymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan özbaşdak Garaşsyz baky Bitarap döwletiniň eýesi boldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy, öňdengörüjiligi, parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Garaşsyzlyk baýramymyzyň şanly 33-ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşleriniň ygtybarly binýadydyr” atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Guramaçylyk baýramymyz mynasybetli geçen bu maslahatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ykdysady we medeni taýdan amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, dogrusynda dürli temalarda täsirli çykyşlar diňlenildi. Aýratynam “Garaşsyzlyk halkymyzy bagta ýetiren mukaddeslikdir”, “Garaşsyz Türkmenistan umumadazat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwletdir”,”Garaşsyzlyk-dillerimiziň senasy, Garaşsyzlyk köňülleriň penasy” ýaly Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň guwandyryjy netijeleri barada giňişleýin beýan edilýän çykyşlar “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ”atly ýylymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Bu bolsa mugallymlarda we talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak pursatlar bilen gurşady. Çünki Watan mukaddesligi her birimiziň ýüreklerimiziň senasy, başlarymyzyň täji bolmak bilen ykbalarymyza nur çaýan sahawatymyzdyr. Ýurdumyzyň ähli ýerinde taryhy wakalara beslenip gelen mukaddes baýramçylygymyza bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň soňunda medeniýet merkeziniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren baýramçylyk çykyşlary maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Garaşsyz Watanymyzy, Beýik Liderimizi, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň beýik tutumlaryny äleme ýaýan aýdymdyr-sazlar, çeper okaýyşlar, edebi kompazisiýalar bolsa baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy.
Maslahatyň ahyrynda baýramçylyk bilen gutladylar we halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Agamyrat AKYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy