Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýeriň hasyllygyny artdyrmak, ýerden netijeli peýdalanmak, pudaga dünýä tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny, ösen tehnika – tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, azyk bolçulygyny döretmek, dolandyrşyň sanly ulgamyna geçmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Oba hojalyk önümçiligini sanlaşdyrmak, ýerleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy Şatlyk Pygamow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Oba hojalyk ýerleriniň monitoringi” atly onlaýn okuw sapagyny geçirdi. Geçirilen okuw sapagynda oba hojalylyk ýerleriniň monitoringi, maksady we usullary barada nazary düşünjeler berlip, soňra monitoring geçirmekde uzak aralykdan zondirleme we geoinformasion sistemalar usullarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Okuw tejribe hojalygynyň oba hojalyk ýerlerine monitoring geçirildi. Okuw sapagynda QGIS programasyny ulanmak bilen emeli hemralardan alnan suratlar arkaly ekerançylyk meýdanlaryna baha berildi we alnan maglumatlar kartalaşdyryldy.
Okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjylaryň oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçmegiň ähmiýeti, programma üpjünçiliginiň ornaşdyrylmagy we ekerançylyk ýerlerine spektral barlaglaryň geçirlişi barada özara pikir alyşmalaryň bolmagy has-da täsirli boldy.
Amangül NARBAÝEWA,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi