Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösýän-özgerýän, abraý mertebesi dünýä dolýan ýurdumyzyň bu ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ruhy dünýäsiniň baý mazmunly, köp öwüşgünli we çuňňur düşünjeli bolmagyny gazanmak, ýaşlary sagdyn berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, ösen jemgyýetiň kada-kanunlaryny berjaý etmekde düşünjelerini artdyrmak, köçe ýol hereket kadalaryna boýun egmegi öwretmek we deň duşlarynyň arasynda bu kadalary wagyz etmekligini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti we Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde “Ýol hereketiniň kadalary” atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 25-ne “Agroinžener” atly talyplar ylmy gurnagynyň guramagynda geçirildi. Bäsleşigiň şertlerinde ýol hereketiniň kadalary bilen bagly sowallar ýerleşdirilip, jemi 50 sany test sowallary taýýarlandy. Sowallar üçin beriljek umumy wagt 60 minut. Bäsleşik Türkmen oba hojalyk institutynyň içki bilim portalyny ulanmak arkaly kompýuterlerde jogap bermek usulynda geçirildi. Bu bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 5-nji ýyl talyplary Begenç Döwletow we Daýanç Narbaýew, 2-nji orna Oba hojalygyny mehanizmleşdirmelk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Begenç Wepaýew, 3-nji orna Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 5-nji ýyl talyplary Gutlymyrat Begmedow we Sona Arazgeldiýewa, höweslendiriji orna Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Eneş Gurbangeldiýewa hem-de Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Yhlas Orazmämedow eýe boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Ýokary okuw mekdebimiziň bilim işgärleri, talyp ýaşlary ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakda, talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan edýärler.
Kuwwat DEDEBAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy