Türkmen aga toý tutanda goşa-goşadan tutýar. Häzirkizaman türkmen jemgyýetinde hem Gahryman Arkadagymyzyň başlan tutumly işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda guralýan toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp gelýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly XXXIII ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir maksada gulluk edýändiginiň aýdyň beýany boldy. Halk maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Maslahatda ykdysadyýetiň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamyny ösdürmek hakynda hem örän ähmiýetli gürrüňler edildi.
Ýokary okuw jaýymyzyň talyplarynyň adyndan bu abraýly döwlet çäresine gatnaşmak hem-de Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşlaryny diňlemek bagty meniň talyplyk dünýäme aýratyn öwüşgin çaýdy. Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine, ýurtda azyk bolçulygynyň berkidilmegine, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň özi biz – oba hojalyk ulgamynda zähmet çekmeli geljekki hünärmenlerini has-da tutanýerli okamaga, ylymlar ummanyna düýpli aralaşmagymyza borçly edýär.
Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ynsanyň bilim almagy, kär edinmegi, onuň ömrüniň bahary bolan ýaşlyk ýyllaryna gabat gelýär. Bu işde ýaşlar üçin amatly boljak ähli şertleri döredýäris” diýip belleýär. Döwletimiz tarapyndan biziň üçin döredilip berilýän şertlerden netijeli peýdalanyp, saýlap alan ugrumyz boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ummasyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!
Merdan Toraýew
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby