“Araly halas etmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde alnyp barylýan işler” atly seminar geçirildi

Bütindünýä deňiz güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň “Inžener-gidrotehnik” talyplar ylmy gurnagy Aral deňzini halas etmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan “Araly halas etmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde alnyp barylýan işler” atly seminar geçirildi. Bu çärä institutyň dürli ylmy gurnaklaryndan özleriniň bu global ekologiki meseläni çözmeklige gönükdirilen pikirleri we taslamalary bilen çykyş eden onlarça talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Seminara gatnaşyjylar Aralyň guramagy we onuň netijeleri bilen bagly soraglaryň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitde howanyň üýtgemegi, suw gorlarynyň azalmagynyň biodürlilige täsiri we suwy süýjetmegiň innowasion tehnologiýalary ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Talyplar özleriniň Aralyň meseleleriniň dürli sebäplerine bagyşlanan ylmy taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Çäräniň dowamynda damjalaýyn suwaryş ulgamyny işläp taýýarlamak, duza durnukly ekinleri ulanmaklyk we suw gorlaryny saklamaklyk üçin emeli howdanlary döretmeklik ýaly birnäçe innowasion çözüwler hödürlendi.

Seminaryň wajyp ugurlarynyň biri hem, Aral meselesini sebit derejesinde çözmeklik ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak boldy. Talyplar, ilatyň ekologiki sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň, oba hojalygyna suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we Aralýaka sebitlerini dikeltmek boýunça ýörite maksatnamalary döretmekligiň wajyplygyny belläp geçdiler.

Seminar, global ekologiki meseleleri çözmekde talyp ýaşlaryň möhüm orun eýeleýändigini görkezdi. Olar Araly halas etmeklige öz goşantlaryny goşmaklyga we durnukly geljegi döretmeklige taýýardyklaryny subut etdiler.

Aýnur ŞYHYÝEWA,

Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby