Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde gözel diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. Şol baýramçylyklarymyzyň biri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramydyr. Ata-babalarymyzyň arzuwlan, ähli mukaddesliklerimizi öz halkyna gaýdyp beren Garaşsyzlyk baýramy eziz diyarymyzda uly dabara bilen bellenilýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda sportuň "Küşt, Şaşka, Düzzüm, Milli göreş, Yaglyga towusmak, Tanap çekmek, Stoluň üstünde oýnalyan tennis we Agyrlyk daşyny götermek (paurlifting)" görnüşleri boýunça fakultetara ýaryşy geçirildi.
Şol ýaryşda institutymyzyň mugallymlaryndan Döwletow Hemra, Kowusow Şyhmyrat, Amanniyazow Atageldi, Ahmedowa Maral, Batyrowa Akja, Hudaýberdiyew Şatlyk, talyplardan Atayew Wepa, Adylbekowa Gunça, Durdyýew Agamyrat, Ataýewa Enejan, Italmazow Atajan, Narmetowa Yuldyz dagylar işjeň gatnaşdylar. Has başarnykly, ezber türgenlerimiz baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Atabek Hallyýew
Maglumat ulgamlary we Tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň talyby