Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz halkyna birnäçe ajaýyp eserleri peşgeş berdi. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Döwlet guşy”, “Çaý – melhem hem ylham”, “Döwletlilik ýörelgesi”, “Janly rowaýat” ýaly ençeme eserleri hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti kemala getirmekde ajaýyp terbiýe mekdebi bolup durýar.
Egsilmez many-mazmuna baý bolan eserleriň terbiýeçilik ähmiýetini talyp ýaşlara düşündirmek maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynda “Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň kämil şahsyýeti kemala getirmekde orny we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary Aýjeren Tagandurdyýewa, Hurmagül Ýuldaşewa, Şatlyk Hudaýberdiýew, Wepamyrat Babekow, Miwe Nuryýewa çykyş ediler. Mugallymlar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna baý eserleriniň ýaşlarda watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmekde ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Eserleriň ýaşlarda milli mirasymyza söýgini, buýsanjy döretmekde, ylym-bilime gönükdirmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmakda gymmatly çeşme bolup durýandygyny täsirli beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýokary okuw mekdebiň “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy.
Çykyşlarynyň ahyrynda mugallymlar Gahryman Arkadagymyza kämil şahsyýeti kemala getirmekde gymmatly çeşme hasaplanýan ajaýyp eserleri üçin çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Öz halkyny ajaýyp, eşretli durmuşda ýaşadýan, okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza durmuşa geçirýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
MIWE NURYÝEWA
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy