Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy, öňdengörüjiligi, parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle hem bilim edaralarynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin irginsiz zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerine minnetdarlyk hökmünde, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti we Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8-ne “Informasion gurşaw” atly talyplar ylmy gurnagynyň guramagynda geçirildi. Bäsleşigiň şertlerinde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen bagly sowallar ýerleşdirilip, jemi 50 sany test sowallary taýýarlandy. Sowallar üçin beriljek umumy wagt 60 minut. Bäsleşik Türkmen oba hojalyk institutynyň içki bilim portalyny ulanmak arkaly kompýuterlerde jogap bermek usulynda geçirildi. Bu bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 5-nji ýyl talyby Gutlymyrat Begmedow, 2-nji orna Buhgalterçilik we hasaba alyş auditi (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Jemşit Ballyýew, 3-nji orna Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sona Arazgeldiýewa, talyplar baýrakly orna eýe boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Demokkratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Ýokary okuw mekdebimiziň bilim işgärleri, talyp ýaşlary ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakda, talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan edýärler.
Ýusupbaý ERMETOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy