Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan işlere ylmy çemeleşmek, pudaga dünýä tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny, ösen tehnika – tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, azyk bolçulygyny döretmek, dolandyrşyň sanly ulgamyna geçmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň kafedralarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen 2024-2025-nji okuw ýylynyň I ýarymýyllygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän onlaýn okuwlarynyň Meýilnamasyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda institutymyzyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Ýusupbaý Ermetow “Agronomçylykda ylmy-barlag işleriniň matematiki seljermesi” atly tema boýunça onlaýn okuw sapagyny geçdi. Sapakda häzirkizaman ylmynyň ähli ugurlaryna günsaýyn öz ornuna has hem berk tapyp barýan Statistikanyň dürli hasaplamalary barada giň düşünje berilip geçildi. Hususanda agronomçylyk ylmy barlag işlerinde alnan maglumatlary statistik formulalar bilen derňemek, olaryň birjynslylyga barlanylyşy, ynamlylygynyň barlanyşy barada sapakda gürrüň berildi. Şeýle hem statistik formulalaryň hasaplanyşy Excel programmasynyň üsti bilen ýerine ýetirilişi sapaga gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy.
Onlaýn okuw sapagyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Kurbangeldi HANDURDYÝEW,
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi