Türkmen oba hojalyk institutymyz «The world university rankings 2025» sanawyna goşuldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Türkmen oba hojalyk institutynda hem okuw işini döwrebap derejede guramak, talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur alyp, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp baryl-ýar.

Türkmen oba hojalyk instituty “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem “Times Higher Education” guramasynyň «World University Rankings 2025» sanawyna goşuldy. Bu sanawa goşulan ýokary okuw mekdepleri okuwyň we ylmy gözlegleriň hili, ylmy-barlag işleriniň netijeliligi, senagat, önümçilik bilen arabaglanyşygyň, halkara hyzmatdaşlygyň derejesi, umuman aýdanymyzda 18 görkeziji boýunça bahalandyrylýar. “Times Higher Education” guramasynyň 2025-nji ýyl üçin reýtinginiň sanawyna 2092 ýokary okuw mekdebi goşuldy. Biziň Türkmen oba hojalyk institutymyz hem “Times Higher Education” guramasynyň işlerini ylym-bilim ulgamynda ulanmak üçin uly işler alyp barýar.

Döwletimiz tarapyndan biziň üçin döredilip berilýän şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejede abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrundaky giň möçberli tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir!

Gozal ABDULLAÝEWA
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi