Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň çuňňur ylym-bilim almagy ugrunda, şeýle hem dünýä döwletleri bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmekde beýik işler amala aşyrylýar. Edilýän şeýle bimöçber aladalardan ugur alyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýagny 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-17-ne Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirilýär. Halkara derejesinde geçirilýän bu bäsleşige dokuz sany daşary ýurt döwletleriniň 27 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 51 sany, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 16 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 100 sany ylmy-taslama işleri hödürlendi.
Şu gün oktýabr aýynyň 16-syna institutyň uly mejlisler zalynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy- taslamalar bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar ilki bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar. Soňra bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolowyň halkara bäsleşigine gatnaşyjylara gutlag sözi diňlenildi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän bu halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň açylyş dabarasynda daşary ýurtly hormatly myhmanlardan Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň rektory, professor H.Ýunusow çykyş etdi. Şeýle hem dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň baş hünärmeni, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Ýusupow çykyş etdi we bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine üstünlik arzuw etdi.
Günüň ikinji ýarymynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilýän ylmy-taslamalar bäsleşiginde daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ylmy-taslamalary diňleniler we seljeriler.
Miwe Nuryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy