Ylmy webinar geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä ýaýmakda, ýaş kämil, hünärmenleri ýetişdirmekde, şeýle-de oba hojalyk pudagyny ösdirmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýetini öwrenmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmen oba hojalyk institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde hereket edýän ylmy gurnaklarynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde oba hojalyk önümçiligini sanlylaşdyrmagyň orny” atly ylmy webinary geçirildi.

Ylmy webinar 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 14-ne Türkmen oba hojalyk institutynyň “Agroinžener” ylmy gurnagy hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň “Geljegiň inženeri” ylmy gurklarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Talyplaryň “Agroinžener” ylmy-barlag gurnagyndan “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň ylym ulgamyndaky ösüşi” atly tema bilen institutymyzyň 5-nji ýyl talyby Baýly Baýlyýew, “Oba hojalyk tehnikalaryny sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrmagyň aýratynlyklary” atly tema bilen institutymyzyň 2-nji ýyl talyby Baýrammyrat Ödekäýew, “Azyk bolçulygyny üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň orny” atly tema bilen institutymyzyň 4-nji ýyl talyby Çeper Rahmedowa çykyş etdiler.

Çykyşlar örän täsirli bolmak bilen, ýurdumuzy mundan beýläk ösdürmek ugrunda soraglara berilen jogaplar talyplaryň öz hünärine has kämildigini görkezdi.

Ýokary okuw mekdebimiziň bilim işgärleri, talyp ýaşlary ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakda, talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Kuwwat DEDEBAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy