“Türkmenistan dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ojagydyr” atly professor-mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmen halkynyň döreden gymmatlyklary häzirki zaman dünýäsinde-de adamzady juda haýran galdyrýar. Ol haýran galdyryjylyk bolsa, elbetde ahal-teke bedewlerimiziň, dünýä belli halylarymyzyň sungat derejesindäki kämilliginde, maldarçylykda-saryja goýnuň tenekar eti, türkmeniň dok maňyzly ak bugdaýy hem şirin-şeker gawuny ýokumlylygy, datly-lezzeti taýdan ähli nygmatlardan saýlanyp, dünýä özüni äşgär edýär.

Ata-babalarymyzyň iýmit üçin tebigatyň taýýar önümlerini ulanmakdan ekerançylyga geçmegi netijesinde, taryhy mekan dünýä medeniýetiniň hazynasyna uly goşant goşan ojaklaryň biri hökmünde tanalýar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdygy onuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä şeýle gaýtalanmajak beýik üstünlige eýe bolan behişdi nygmatlary eçilen ata-babalarymyzyň arzuw eden zamanasynda ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Bu buýsanç duýgulary 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurnamagynda geçirilen “Türkmenistan dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ojagydyr” atly ylmy-amaly maslahatynda edilen çykyşlar öz beýanyny tapdy. Oňa ýokary mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Ýurdumyzyň dünýäde iň gadymy ekerançylyk meniýetiniň ojagy bolandygy baradaky gymmatly maglumatlar berildi.

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
H.Ýuldaşewa