Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Merdana türkmen alabaýy – keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň öz aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýandygyny hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýandygyny öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Umumy mejlisden soňra ylmy-amaly maslahat öz işini “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýynyň waspy”, “Geçmişden janly ýadygär – merdana türkmen alabaýlary”, “Türkmen alabaýy – milli mirasymyz we buýsanjymyz”, “Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nyşany”, “Türkmen topragy – alabaýlaryň watany” atly bäş sany bölümçelerde dowam etdi.

Bölümçelerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri üstünlikli alyp barmagy arkaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylyk işini alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli amala aşyrylýan işler barada nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda netijeli işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirilip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryň gaýgyrylmajakdygyna ynandyryldy hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleriň gazanylmagyny arzuw etdiler.

Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy