Onlaýn okuw geçirildi

Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň Bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ony dünýä ýaýmak boýunça bimöçber işleri amala aşyrýar. Amala aşyrylýan bu işleriň özeninde bolsa, biziň ýagty geljegimiz baradaky aladalar ýatyr. Çünki geljegimiz bolan ýaşlary watansöýüji, kämil ahlakly şahsyýetler edip ýetişdirmekde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň çekýän zähmetiniň ähmiýeti bardyr. Halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, biziň şu günlerimize ýetiren ruhy miraslarynyň biri hem ylmy mirasdyr. Ylmy miras halkymyzyň ylmy aýratynlyklary jemlenmek bilen, olar döwrebap nesilleri terbiýelemekde aýratyn orna eýedir. Watanymyzyň ruhubelent ýaşlaryna, okuwçylara durnukly bilim hem-de sagdyn terbiýe bermek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, watana wepaly, işbaşarjaň nesli kemala getirmek meselesi hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly adyl syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda oňyn çözgütlere eýe bolýar. Şeýle hem ol ýaş nesliň medeniýetli dynç almagy, wagtyny gyzykly geçirmegi, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda durmuşa geçirilýän köpçülikleýin çäreler hem-de onlaýn arkaly okuwlar bilen utgaşdyrylýar.

Şeýle köpçülikleýin onlaýn arkaly okuwlaryň, çäreleriň biri hem 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölümi tarapyndan “Funksiýanyň ekstremumy” ady bilen geçirildi. Bu onlaýn okuwy institutymyzyň tejribeli mugallymy Merdan Ataýew geçdi. Bu onlaýn okuwa ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlary gatnaşdy. Şeýle-de bu onlaýn okuwa institutymyzyň talyplary hem-de baýry mugallymlary gatnaşdylar.

Onlaýn okuwy men guramaçylykly geçirdim, okuwa gatnaşan ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary bilen pikir alyşmakda funksiýanyň ekstremumy bilen bagly çylşyrymly meseleleri has aýdyň ýol bilen çömekligiň usullaryny görkezildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek ugrunda edýän aladalarynyň özüniň ajaýyp miwelerini berýändigini, soňky ýyllaryň dowamynda bilim we ylym ulgamlarynda geçirilen özgertmelerinden, şunuň ýaly onlaýn okuwlaryň guralmagynda aýdyň görünýär. Onlaýn okuwdan uly kanagatlanma tapan bilim we ylym ulgamynyň işgärleri, talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen okuw-usuly işlerini alyp barýandygyny buýsançly belledi.

Bu okuwda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan ösüşlerde, döwletimiziň täze belentliklere ýetmeginde ylma aýratyn orun degişlidigi, ylym we bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda ylym, bilim ulgamyny düýpli özgertmeklik göz öňünde tutulýandygy barada wajyp gürrüňler edildi.

Onlaýn okuwyň diňleýjileri ýurdumyzda bitewi ylmy-tehniki syýasatyň alnyp barylýandygy, ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylýandygy we häzirki zaman okatmak usulynyň yzygiderli we netijeli durmuşa geçirilýändigi üçin alym Arkadagymyza bimöçber alkyşlar aýtdylar.

Baýrambaý Dosnazarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.