Institutymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça maslahatlar geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin.» diýen tabşyrygyndan ugur alyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynda Milli maslahatlar geçirilýär. Guwandyryjy wakalaryň biri hem biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzyň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynda hem şu mesele boýunça maslahat geçirildi. Bu maslahatda welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, tejribeli hünärmenler, ýagny Şabat etrabynyň S.Rozmetow geňeşliginiň “Alaý” daýhan hojalygynyň başlygy Egembergen Allabergenow, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň Hasabat bölüminiň baş hünärmeni Gulmyradowa Ogulbagt, Meýilnama we ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni Hojaýew Maksat, “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň “Daşoguzobahyzmat” önümçilik birleşiginiň Ykdysadyýet we meýilnama bölüminiň baş hünärmeni Kakaýewa Aýsoltan we institutymyzyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda myhmanlarymyz öz tejribeleriniň esasynda toparlaýyn pikir alyşyp, degerli, döwrebap maslahatlaryny we tekliplerini berdiler.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek, ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda ýokary bilimi ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek babatynda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Musa HANOW
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy