Ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek boýunça maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tabşyrygy esasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynda “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň, Daşoguz ýer gurluşyk gözleg ekspedisiýasynyň hem-de Daşoguz welaýat Ýer serişdeleri müdirliginiň hünärmenleriniň we talyp ýaşlaryň hem-de olaryň ene-atalarynyň, kafedranyň professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda maslahat gurnaldy. Onda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri Şatlyk Pygamow kafedranyň halypa mugallymlary Orazmyrat Çandyrow, Saýara Baltaýewa, fakultetiň zenanlar guramasynyň başlygy Akyl Durdyýewa we “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň Suw ulanyş bölüminiň başlygy Jeýhun Öwezow we beýlekiler çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, okatmagyň usulyýeti, ýokary okuw mekdebinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek we durnukly ösüşiň maksatlary ýaly temalarda täsirli çykyşlar etdiler. Maslahatda edilen gyzykly we täsirli çykyşlardan soňra köp sanly pikir alyşmalar boldy. Şatlyk PYGAMOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri