Açlygy ýok etmek ugrunda göreşmegiň halkara güni “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde açlygy ýok etmek”, Bütindünýä statistika güni mynasybetli “Statistikanyň taryhy we ösüşi” atly ylmy seminarlar geçirildi

Türkmen halkynyň abadan ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Durnukly ösüş maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň “Sanly ykdysadyýet” hem-de “Başarnykly buhgalterler” ylmy gurnaklarynyň ýolbaşçylary tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Açlygy ýok etmegiň halkara güni mynasybetli durnukly ösüş maksatnamasynyň 2-nji bölümi “Açlygy ýok etmek” boýunça hem-de Bütindünýä statistika güni mynasybetli “Statistikanyň taryhy we ösüşi” atly ylmy seminarlar geçirildi. Bu ylmy seminara institutymyzyň çäginde hereket edýän “Sanly ykdysadyýet” “Başarnykly buhgalter” “Kämil agrohimik” “Ýaş bagban” “Inžener gidrotehnik” “Täsin fizika” “Informasion gurşaw” “Inžener meliorator” gurnaklarynyň talyplary slaýd-prezentasiýalary we nutuklary bilen işjeň gatnaşyp açlygy ýok etmek hem-de statistika boýunça üstünlikli çykyş edip özüniň tekliplerini beýan etdiler.

Bu çäräni geçirmekligiň esasy maksady talyp ýaşlary kämil derejeli ökde hünärmen hökmünde terbiýelemekde talyplaryň pikir alyşmak, innowasion tehnologiýalardan baş alyp çykmak we özbaşdak pikirlenmek ukybyny ýokarlandyrmakdan şeýle hem, dünýä derejesinde alnyp barylýan syýasy, medeni ähmiýetli giň gerimde geçirilýän çäreler bilen yzygiderli tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Seminaryň ahyrynda çykyş eden talyp ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize ylym-bilim almak, döredijilikli zähmet çekmek üçin döredip berilýän mümkinçiliklere minnetdarlygyny bildirdi.

Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallym öwrenijisi
Aýlar Kurbanowa