Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzda kabul edilýän milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwelerini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany ýyl saýyn artýar. Hususanda, 2024-nji ýylyň 7-10-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde geçirilen halkara matematika bäsleşigine gatnaşanşan ýokary okuw mekdebimiziň 5-nji ýyl talyby Ramazan Nurýagdyýew üstünlikli çykyş edip, şahsy bäsleşikde 3-nji orna mynasyp bolup, bürünç medala hem-de toparlaýyn bäsleşikde 3-nji orun eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Bu abraýly bäsleşige Türkmenistan döwletimiz bilen birlikde Angliýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Polşa, Slowakiýa, Sloweniýe, Wengriýa, Özbegistan ýaly döwletlerden 35 sany ýokary okuw mekdeplerinden 160-a golaý talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýokary okuw mekdebimiziň adyndan wekilçilik eden talybymyzyň üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we onuň indiki bäsleşiklerde üstünlik gazanmagyny arzuw edýäris.
Ýusupbaý Ermetow,
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy.