Ýaşlar hakda alada

Watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň durmuş-ykdysady, syýasy-guramaçylyk we hukuk çäreleriniň giň toplumyny öz içine almagy ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, hemmetaraplaýyn goldamaga niýetlenendir. Döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasaty biziň ýaşlarymyza hukuk, ykdysady we guramaçylyk babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri üçin, şeýle hem olaryň jemgyýetçilik birleşiklerini ösdürmek we goldamak üçin zerur bolan döwlet kepillendirmelerini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ata Watanymyz Türkmenistan ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, päk ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýylyň-ýylyna ýurdumyzda edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy gorayyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri netijesinde, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanmagy aýratyn ähmiýetlidir. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bu abraýly sylaga Türkmen oba hojalyk institutynyň iki sany talybynyň ýagny, Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Albina Zakirjanowanyň hem-de Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Merdan Toraýewiň mynasyp bolmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri barada taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara watansöýijligiň, päk ahlaklylygyň, merdanalygyň we halallygyň, ýokary adamkärçiligiň, sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmegiň belent nusgasyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaşlara diňe bir beden taýdan taplanmagy däl, eýsem, öz erk-islegini pugtalandyrmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmekde, okuwda, işde täze üstünlikleri gazanmakda erjel we tutanýerli bolmaga, saýlap alan hünärinde kämilleşmegine uly höwes döredýär.

Taýýarlan: Garlybaý PAŞŞAÝEW,
Institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.