Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy we Amaly mehanika kafedralarynyň gurnamagynda 2024-nji ýylyň 14-16-njy noýabr aralygynda, Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk edara kärhanalarynyň hünärmenleri bilen “Sanly ýer dolandyryş: nazaryýetden önümçilige” atly ylmy-önümçilik okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna Daşoguz welaýat häkimliginiň, Görogly, Şabat etrap häkimliginiň, Daşoguz welaýat ýer serişdeler müdirliginiň, Görogly, Şabat etrap ýer serişdeler bölüminiň, Daşoguz agrohimiýa barlaghanasynyň hünärmenleri we kafedranyň mugallymlary gatnaşdy. Okuw maslahatynda Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri, mugallym Şatlyk Pygamow GIS we onuň mümkinçilikleri, Ekin meýdanlarynyň toprak kartasyny düzmekde GIS tehnologiýalaryny ulanmak atly temalar, şol kafedranyň mugallymy Nowruz Abaýew QGIS programmasynda sanly kartalaryň taýýarlanyşy, Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri, mugallym Guwanç Öräýew Kartalary düzmekde taslamagyň awtomatlaşdyrlan ulgamlaryndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri, Ýerleri tekizlemekde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak atly temalar boýunça çykyş etdiler.
Okuw maslahatynyň dowamynda mugallymlaryň we hünärmenleriň pikir alyşmalaryň bolmagy maslahatyň aýratynlygy bilen tapawutlandy. Bu ylmy-önümçilik okuw maslahatlarynyň geçirilmegi ylmy üstünlikleri we innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam etmekde öz goşandyny goşar.
Orazdurdy BAÝRAMDURDYÝEW,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy