“Bol hasyl eçilýär türkmen topragy” atly diwar gazetlerini çykarmaklygyň bäsleşigi geçirildi

Edermen daýhanlarymyzyň çekýän asylly zähmeti netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyryp, oba hojalyk ulgamynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar hem-de türkmen daýhançylyk däpleriniň şan-şöhraty gaýtadan dabaralanýar.

Halal baýlygy toprakdan gözleýän babadaýhanlarymyz “Ýykylsaň ýere ýapyş” diýen pähime eýerýärler. Olar bu gün bagy-bossan, gül-gülüstan, zer-zerewşan topragymyza hyzmat edip, ondan bereket alýarlar. Ine şundan ugur alyp, ýaşlaryň ene topraga bolan höweslerini artdyryp, ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we ýaş zehinleriň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnak agzalarynyň arasynda “Hasyl toýy” mynasybetli “Bol hasyl eçilýär türkmen topragy” atly diwar gazetlerini çykarmaklygyň bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige institutyň birnäçe ylmy-gurnak agzalary öz eden işleri bilen gatnaşdy. Edilen işler bir agyzdan eminler tarapyndan şeýle netijelere gelindi.

1-nji orna Kurambaýewa Bärna “Başarnykly buhgalter” ylmy gurnagynyň agzasy;

2-nji orna Amanowa Ogultäç “Dil ruhy hazyna” ylmy gurnagynyň agzasy we Allakowa Aýzada “Täsin Fizika” ylmy gurnagynyň agzasy;

3-nji orna Hanmyradowa Uzukjemal “Kämil agrohimik” ylmy gurnagynyň agzasy, Jumanazarowa Jemal ”Ecolife” ylmy gurnagynyň agzasy we Ataýewa Humaý “Sanly ykdysadyýet” ylmy gurnagynyň agzalary şeýle orunlary eýelediler.

Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna, ata-babalardan gelýän ýörelgelerine belent sarpa goýulýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap diýarymyzda milletiň däp-dessurlary bu günki gün döwlet derejesinde täze röwüşe eýe bolýandygy görkezýän täsirli temalary bilen edilen işler has bu bäslegigiň şowhunyny artdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we ýaş zehinleriň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işlere giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin, tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

“Ýüpek ýoly” ylmy-gurnagyň
ýolbaşçysy H.Ýuldaşewa