2024-nji ýylyň 18-20-nji noýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri Almaty şäherindäki DKU-da geçirilen Erasmus+ HWCA bilermenleriniň gibrid maslahatyna gatnaşdylar. Erasmus+ HWCA taslamasynyň çäginde gurnalan bu çäre Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny we bilermenlerini suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak, suw diplomatiýasy, okuw maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.
Bu çärä institutymyzdan iki mugallym, Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy Şatlyk Pygamow hem-de Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy Serdar Muminow gatnaşdylar. Olar bu onlaýn çärede bilim we hünär maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen pikir alyşmalara işjeň gatnaşdylar.
Geçirilen maslahatyň esasy wezipeleri suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak we suw diplomatiýasy boýunça magistr maksatnamalaryna syn bermek we döwrebaplaşdyrmak; maksatnamalary sebit zerurlyklaryna laýyk getirmek üçin döwlet we bilim edaralary, pudak wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak; suw diplomatiýasy we suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak boýunça umumy ileri tutulýan ylmy ugurlary kesgitlemek we Merkezi Aziýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek; suw bilen baglanyşykly ugurlarda üznüksiz hünär kämilleşdiriş we başarnyklary ýokarlandyrmak üçin sebitleýin başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak; taslamanyň netijelerini ýaýratmak boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň gatnaşmagy, suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky ygrarlylygymyzy görkezdi. Maslahatyň dowamynda gazanylan bilimler, aýratyn hem okuw maksatnamalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlyk babatda, bilim strategiýalarynyň kemala getirilmegine hem-de suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak çäginde köpugurly bilimleriň ösdürilmegine möhüm goşant goşar.
Erasmus+ HWCA maslahaty, suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak ýaly global meseleleriň çözgüdine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny görkezdi. Wekillerimiz, gazanylan bu gymmatly tejribelerini institutymyzyň bilim ulgamyna we ylmy başlangyçlaryna ornaşdyrmaga dowam edip, sebitiň durnukly ösüşine möhüm goşant goşarlar.
Kurbangeldi HANDURDYÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy