Talyplar Himiýa dersinden olimpiadada ýokary netije gazandylar.

Noýabr aýyynyň 20-ne Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Himiýa dersi boýunça Açyk internet-olimpiadasyny geçirdi. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmäge, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramaga, häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge ýardam edýär.

Bu bäsleşikde biziň ýokary okuw mekdebimizden hem zehinli talyp ýaşlar gatnaşyp üstünlikli orunlara mynasyp boldular. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýazlakow Söýenç, Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Geldyýew Begmyrat, Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Ataýewa Gülaýym baýrakly 1-nji orny eýelemegi başardylar.

Röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller döwrebap tehnologiýalara, tebigy we takyk bilimlere oňat düşünýärler. Geçirilýän bäsleşikler hem talyplaryň zehinleriniň ösdürilmegine, olaryň okamaga, bilim we ylym öwrenmäge bolan höwesleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nurana geljegi nazarlaýan beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!


Bahtiýar Saliýew
Türkmen oba hojalyk instutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş
 kafedrasynyň mugallymy