“Oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek we bu ugurda maaglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny has-da giňeltmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alynyp, Traktor we oba hojalyk maşynlary hem-de Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedralarynyň gurnamagynda 2024-nji ýylyň 20-21-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk edara kärhanalarynyň hünärmenleri bilen “Oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar” atly ylmy-önümçilik okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Daşoguz welaýat häkimliginiň, Görogly we Şabat etrap häkimlikleriniň, “Daşoguzobahyzmat” önümçilik birleşiginiň, Görogly we Şabat etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň, “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň, Daşoguz motor abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri, kafedralaryň professor-mugallymlary we institutyň talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň 1-nji güninde Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy A.Meredow “Oba hojalyk tehnikalarynyň ideg edilişine bildirilýän talaplar” atly tema boýunça çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp berlen döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryna möwsümde netijeli ulanyşdan soň tehniki idegleri geçirmegiň we soňra olary saklawhanalara goýmagyň aýratynlyklary, düzgünleri barada esaslandyrylan ylmy maslahatlaryny berdi.

Soňra şol kafedranyň mugallymy S.Gurbanow “Döwrebap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň gurnalyşy” atly tema boýunça çykyş edip, kärhanalarda kämilleşdirilen hem-de awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen işlemekligi ýola goýmaklygyň, işleri kadalaşdyrmagyň, çykdajylary azaltmagyň hem-de tehniki hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagyň usullary barasynda peýdaly maglumatlary berdi.

Maslahatyň 2-nji güninde Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň mugallymy K.Dedebaýew “Tohumy takyk ekmegiň ykdysady netijeliligi” atly tema boýunça çykyşynda özüniň bu tema boýunça alyp baran ylmy işi we onuň netijesinde alan netjeleri barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylmy esasda taýýarlanylýan ýa-da daşary ýurtlardan gyzyl pula satyn alynýan tohumlary netijeli ulanmak üçin tohumlary takyk ekmegiň hödürlenýän tehnologiýasyndan peýdalanmagyň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem, tohumçylyk pudagyny kämilleşdirmek bilen ýokary hilli tohumlary ekişe taýýarlap olardan ýokary derejede gögeriş almaklygyň ýollary barada maglumatlary ýetirdi.

Öz gezeginde şol kafedranyň mugallymy B.Mätniýazow “MARA kysymly lazerli ýer tekizleýjiniň x, y oky boýunça sazlanyşy” atly çykyşda ekerançylyk medanlaryny endigan suwarmak üçin olary ilki ylmy esasda tekizlemegiň zerurdygyny we munuň üçin täze alnan MARA kysymly lazerli ýer tekizleýjileriň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň ähmiýetini nygtady. MARA kysymly lazerli ýer tekizleýjileriň iş düzgünleri, sazlanyş aýratynlyklary we olary netijeli ulanmagyň usulyýeti barada maglumatlary we ýerlikli maslahatlary berdi. Maslahatyň dowamynda professor-mugallymlaryň we edara-kärhalardan gelen hünärmenleriň arasynda sorag-jogap alyşylyp, dürli esaslandyrylan teklipleriň berilmekligi örän ähmiýetli boldy.

Geçirilen ylmy-önümçlik maslahatynda gatnaşyjylar oba hojalygyndaky innowasion tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň ýollary bilen tanyşdylar. Her bir maslahata gatnaşyjy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynyň pajarlap ösmegine döredýän mümkinçiklerine köp-köp sag bolsun aýdyp, olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslenmeklerini arzuw etdiler!

Döwlet DURDYÝEW,
Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň müdiri