2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli institutyň ylmy-pedogogik işgärleriniň, ylmy dalaşgärleriň we talyplaryň arasynda “Garaşsyz Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesi döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy çäräde, ilki bilen institutyň Medeniýet merkezinde ylmy-amaly maslahatyň umumy-açylyş mejlisi bolup geçdi. Açylyş mejlisini Ylym bölüminiň başlygy B. Kurbanow açmak bilen, ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary umumy mejlisiň gün tertibi bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyyk ýyllarynda syýasatda we ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri barada giňişleýin ylmy nutuk bilen çykyş etdi. Soňra mejlisde Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymlary A. Tagandurdyýewa, G. Gurjiýew, mugallymlar A. Musaýew, G. Myradow, A. Artykowa, mugallym-öwrenijisi – A.Atajumaýewa, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby M. Muhammetmyradow täsirli nutuklary bilen çykyş etdiler. Soňra dabaraly mejlisi B.Kurbanow jemledi hem-de mejlise gatnaşyjylary ýene-de bir gezek ýetip gelen Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk baýramy bilen gutlady. Soňra “Garaşsyz Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesi döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahatynyň dowamy 5 sany bölümçelerde dowam edýändigini yglan etdi. Umumy mejlis institutyň Medeniýet merkeziniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.
Ylmy amaly maslahat 5 sany tematiki ugurlar boýunça bölümçelerde dowam etdi, ýagny, “Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty sebitde parahatçylygy we ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň ygtybarly daýanjydyr” atly ugur boýunça 1-nji bölümçede, “Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklarynyň sarsmaz binýady” atly ugur boýunça 2-nji bölümçede, “Hemişelik Bitaraplyk derejesi Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň ygtybarly binýadydyr” atly tematiki ugur boýunça 3-nji bölümçede, “Baky Bitarap döwletimizde ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler” atly ugur boýunça 4-nji bölümçede, “Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanda oba hojalyk ylmynyň ösüşi” atly 5-nji bölümde ylmy nutuklar diňlenildi.
Ylmy-amaly maslahatda jemi 82 sany çykyşlar meýilleşdirildi, şol sanda 76 sany mugallym we 6 sany talyp ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler. Bölümçelerde çykyş edijiler nutuklaryny tanyşdyryş slaýtlary bilen tehniki serişdelerden ýerlikli peýdalanmaklary gatnaşyjylar üçin ylmy-amaly maslahat täsirli hem-de gyzykly geçdi. Bölümçeleriň soňunda täsirli çykyş edenleri “Bölümçäniň iň täsirli çyklyşlary” diýlip karar edildi.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar öwrenmäge, işlemäge we döretmäge döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyza we Arkagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny we alkyşlaryny aýtdylar.
Şadurdy Atakow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni