Kompýuter grafikasy (3D dizaýn) bäsleşigi

Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň “Ýaş konstruktor” gurnagynyň gurnamagynda talyplarynyň arasynda bütin dünýä Kompýuter grafika (3D dizaýn) güni mynasybetli “Kompýuter garafikasynda 3D proýektirleme” atly bäsleşigi geçirildi.

Häzirki zaman bilim giňişligi iň täze programma üpjünçiligi multimediýa grafiki paketleri we toplumlary bilen dolduryldy. Islendik inženeriň hünär taýýarlygy ulgamynda grafiki okuw, hünärmeniň inžener-tehniki bilim derejesini kesgitleýän möhüm orny eýeleýär.

Talyplaryň döredijilik inžener-geometriki aýdyň-grafiki pikirleniş prosesleriniň ösüşi, geljekki inženerleriň çyzuw geometriýasyna, inžener we kompýuter grafikasyna bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyryp, grafiki maglumat tehnologiýalarynda we ulgamlarynda olimpiadalara we bäsleşiklere talyplaryň gatnaşmagyna kömek edýär.

Kompýuter grafikasy boýunça sanly grafiki AutoCAD programmasynda üç ölçegli proýektirleme esasynda talyplar detalyň 3 ölçegli modelini ýerine ýetirdiler. Talyplar iki topara bölünip birinji toparyň I ornyna Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Atabaýew Hojamyrat, II ornuna Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Begnazarowa Aýnur, III ornuna Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby Şaýymow Hudaýberdi mynasyp boldylar.

Ikinji toparynyň I ornyna Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby Rajapowa Raýhan, II ornuna Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Allamyradow Allamyrat, III ornuna Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Şohradowa Dinara mynasyp boldylar.

Guwanç Öräýew
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy