Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ylym-bilim pudagynyň ösüşi barha güýçlenýär. Okatmagyň dürli usullary okuw işinde dürli usullar tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar, bu bolsa okuwlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda okatmagyň sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti barha artýar, sebäbi täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşmagy bilen okatmakda täze mümkinçilikler açylýar. Bu tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy ylmyň we tejribäniň dürli ugurlarynda uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik berýär.
Inžener hünärmenlerini taýýarlamakda talyplarda bilim, başarnyk we endikleri geljekki hünär işinde ulanmak ukyplaryny ösdürmek esasy wezipe bolup durýar. Häzirki döwürde talyplaryň we ýaş hünärmenleriň hünär işinde maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmak başarnygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu maksat bilen, ýaş nesliň wagtyny gyzykly geçirmekleri we ylymly-bilimli hünärmenler bolup ýetişmeleri üçin onlaýn okuw sapaklary gurnamak däbe öwrüldi. Munuň mysaly hökmünde, 2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölümi tarapyndan onlaýn okuw sapagy gurnaldy. Bu sapak “Autodesk Inventor programmasy arkaly beton pürsüň gysylma dartgynlylygynyň seljermesi” ady bilen institutymyzyň Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy Guwanç Öräýew tarapyndan geçirildi. Bu onlaýn okuw sapagyna Türkmenistanyň inženerçilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de institutymyzyň talyplary we abraýly mugallymlary gatnaşdylar.
Onlaýn okuwda, “Materiallaryň garşylygy” dersiniň tejribe synaglary Autodesk Inventor programmasy arkaly wirtual usulda geçirildi. Analitiki usulda hasaplama bilen wirtual synag usulynda geçirilen hasaplamalar deňeşdirilip ýerine ýetirildi. Autodesk Inventor programmasy dürli çylşyrymly meseleleriň çözülişinde dartgynly, durky üýtgän ýagdaýlary hasaplamakda we bitewi düşünjäni emele getirmäge ýardam berýär. Bu bilimler talyplarda endikleriň ösdürilmegine, matematik hasaplamalary geçirmäge we çözgüdi kabul etmek ukybyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, wirtual gurşawda dürli konstruksiýalaryň dürli ýüklerde özüni alyp barşyny synetmäge mümkinçilik berýär.
Umida Abdyýewa,
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy