Türkmen oba hojalyk institutynda Jelaleddin Meňburunyň doglan gününiň 825 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Meýilnamasynda bellenen çärelerden ugur alyp, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-sine “Älemiň bezegi Jelaleddin Meňburun” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata onlaýn arkaly ýurdumyzyň ýedi sany ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmen oba hojalyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary türkmen halkynyň beýik şahsyýeti Jelaleddin Meňburnyň edermenligi, gaýratlylygy, parasatlygy, onuň mongollara garşy gaýduwsyz göreşi barada beýan edýän nutuklar bilen çykyş etdiler. Maslahatda jemi 16 nutuk diňlenildi. Edilen çykyşlarda dünýä alymlarynyň we orta asyr taryhçylarynyň Jelaleddin baradaky garaýyşlary seljerildi. Çykyş edenleriň köpüsi gyzykly we täsirli çykyşlar synçy hökmünde gatnaşýan talyplaryň ünsüni özüne çekmegi başardy.
Ylmy maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň taryhyny, milli medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmekde ony dünýä ýaýmakda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Şatlyk Hudaýberdiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy