“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilen kararlary we başlangyçlary, üstünlükli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, bu günki ýaşlar ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw otagly, dünýä ülňülerine gabat gelýän okuw mekdeplerinde çuň bilim alýarlar, alan bilimlerini saýlap alan hünärleri boýunça orta, ýokary okuw jaýlarynda dowam etdirýärler, giň düşünjeli, döwrebap hünärmenler bolup ýetişýärler.
Döwletimizde hereket edýän bilim ojaklarynda talyplara berilýän bilimleriň hiliniň gowulandyrmak bilen bagly bolan, köp işler amala aşyrylýar. Muňa mysal höküminde 2010-njy ýylda işe başlan biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzy aýytman geçmek bolmaz. Institutyň professor-mugallymlary talyplara berýän bilimlerini ähli enjamlar bilen doly üpjün edilen, dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrebap okuw otaglarynda gurnaýarlar. Bu talyplara berilýän bilimiň çuňňur we netijeli bolmagyna, öz hünärlerinden doly baş çykaryp bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine kömek edýär.
Aýdylanlary tassyklaýan hakykat, ýakynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Aşgabat şäherinde geçen Döwlet bäsleşigidir. Bu bäsleşige biziň institutymyzyň hem talyp ýaşlary işjeň gatnaşyp 1-nji ýer 22 talyp, 2-nji ýer 9 talyp, 3-nji ýer 4 talyp, jemi: 35 talyp ýeňiji bolup döwletimizdäki 26 sany ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baýrakly orny eýelemegi başardylar, bu bolsa institutda ýokary derejede bilim berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Pursatdan peýdalanyp ýylyň-ýylyna halkara we döwlet derejesidäki okuw dersleri boýunça geçirilýän bäsleşiklere işeňňir gatnaşýan talyplaryň atlaryny aýtman geçmek bolmaz, olardan: Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Çemen Çerkezowa Türkmenistanyň taryhy dersinden, Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dünýägül Bazarbaýewa Matematika dersinden, Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Wepa Aşyrow Inžener grafikasy dersinden we Bazarbaý Rozykulyýew Materiallaryň garşylygy ýaly derslerden her ýylky geçirilýän bäsleşiklere yzygider gatnaşyp baýrakly orunlary eýeleýärler.
Baýrak alan talyplara “Höwri köp bolsun!” diýmek biz üçin has-da ýakymly. Hawa, Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýan talyp ýaşlary, şu günki-günde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan çuň manyly syýasatlaryny üstünlikli amala aşyrýandyklaryny doly subut etmegi başardylar. Institutymyzyň talyp ýaşlary döwrebap bilim almaga döredip beren ajaýyp mümkinçiliklerine we şertlerine Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza edýän alkyşlary çäksiz.
Orazmyrat ÇANDYROW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy