“Daşary ýurt dilleri bilen ylma tarap” atly ylmy seminary geçirildi

Garassyz, hemiselik Bitarap Diýarymyz bedew batly ösüsleri özüne hemra edinip, baky bagtyýarlyk ýolundan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen barha öne barýar. Bilim-ylym ulgamynda hem dünýä nusgalyk isler amala asyrylýar. Bitarap Türkmenistanyn dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurdun ýas neslinin dasary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Sonun üçin hem ýurdumyzyn ähli ýokary okuw mekdeplerinde inlis dilini okatmagyn hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn uly üns berilýär.

Su nukdaýnazardan, Türkmen oba hojalyk institutynda "Dil ruhy hazyna" atly talyplaryn ylmy gurnagynyn "Dasary ýurt dilleri bilen ylma tarap" atly ylmy seminary geçirildi. Seminarda institutyn talyplarynyn we mugallymlarynyn Bergamo uniwersiteti tarapyndan guralan inlis dili kursunda okandyklary hem-de bilim alandyklary barada aýratyn bellenip geçildi.

Seminarda birnäçe ylmy gurnaklaryn talyplarynyn çykyslary dinlenildi. Çykyslaryn içinde institutyn "Sanly Ykdysadyýet" atly talyplaryn ylmy gurnagynyn agzasy Näzik Myradowanyn çykysy has täsirli boldy. Ol öz çykysynda häzirki döwürde ýurdumyzda dasary ýurt dillerini umumybilim berýän mekdeplerinde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde inlis dilini okatmagyn usulyýetini bilim berýän mugallymlar ýokary derejede ulanýandyklaryny belläp geçdi.

Ýene-de bir täsirli çykyslaryn biri "Dil - ruhy hazyna" atly talyplaryn ylmy gurnagynyn agzasy Firuza Dosçanowanyn çykysy boldy. Ol öz çykysynda ýurdumyzyn dünýä ginisligine aralasmagy, sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnasyklarynda öndebaryjy orny eýeländigini aýtdy, Türkmen jemgyýetinin milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämillesmegi ýurdumyzyn raýatlarynyn ene dili bilen bir hatarda dasary ýurt dillerini kämil bilmeklerini talap edýändigini, hormatly Prezidentimizin parasatly ýolbasçylygynda ýurdumyzyn milli bilim ulgamynda durmusa geçirilýän özgertmeler önde goýlan wezipelere amal ediljekdigine we dasary ýurt dilleri bilen ylma tarap aýdyn ýol bilen gidip biljekdigine güwä geçýändigini belläp geçdi.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaslaryn ylymly bilimli bolmaklary üçin edýän atalyk aladalaryna özümizin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyn, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyn janlarynyn sag, islerinin rowaç almaklaryny arzuw edýäris.

Akjagül ATAÝEWA,
Jemgyýeti öwrenis ylymlary kafedrasynyn mugallymy, "Dil ruhy hazyna" atly talyplaryn ylmy gurnagynyn ýolbasçysy.