Ýokary okuw mekdepleriň gurnaklarynyň arasynda “Halkara daglar güni” mynasybetli ylmy webinar geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly ösüşler bilen öňe barýar. Hut şu uly nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlary ylym bilime höweslendirmek maksady bilen halkara derejesinde birnäçe online ylmy seminarlar we maslahatlar geçirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň öz zehinlerini açyp görkezmäge, pikirlenişini ösdürmäge, şeýle-de öz hünärlerine degişli ylmy maglumatlary almagyna mümkinçilik döredýär.

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor mugallymlary, kandidatlary we ylmy gurnak agzalarynyň arasynda Halkara daglar güni mynasybetli “Dag magdanlarynyň dökün önümçiliginde ulanylyşy” atly online ylmy webinar geçirildi. Bütindünýä daglar güni mynasybetli geçirilen ylmy webinarda iki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary dag magdanlarynyň dökün önümçiligende ulanylyşy boýunça özleriniň taýýarlan bilen dürli temalarda täsirli çykyş etdiler.

Ylmy webinaryň dowamynda Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy “Kämil agrohimik”gurnagynyň ýolbaşçysy Ýangiljon Palýazowa “Dag-magdan önümçiliginde dökün almakda ulanylýan minerallaryň görnüşleri” diýen temada, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow bolsa, “Türkmenistanyň daglarynyň ekologik aýratynlyklary” atly ylmy temada çykyş etdiler. Bulardan başga-da gurnak agzalary “Türkmenistanyň daglarynyň ösümlik dünýäsi”, “Merkezi Aziýa daglarynyň biodürliligi”, “11-nji dekabr Halkara daglar güni”, “Köýtendag-kaliý dökünlerini öndürmekde çig mal çeşmesi” diýen temalarda ylmy maglumatlar barada aýdyp geçdiler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagyndaky “Halkara daglar güni” mynasybetli S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen geçirilen ylmy webinaryň esasy maksady, häzirki zaman ösen tehnologiýalar döwründe oba hojalygynyň himiýa pudagynyň ösmeginde esasy çig mal serişdesi bolup hyzmat edýän dag magdanlarynyň, agromagdanlarynyň dünýä ýurtlarynda we Türmenistanda duş gelýän görnüşlerini öwrenip, olaryň artykmaçlyklaryny we ýurdumyzda mineral dökün önümçiliginde maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Biz ýaşlara ylmy işler bilen meşgullanmaklyga, sanly ulgam arkaly dürli görnüşli çäreleri guramaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýangiljon Palýazowa
“Kämil agrohimik” ylmy gurnagynyň ýolbaşçysy