Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda ýylynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň II ýarymýyllygynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen ilkinji okuw sapagy işjeň ýagdaýda geçdi.
Okuw sapagynda Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlaryny üstünli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda baky Bitarap döwletimiziň alyp barýan maksatnamalaýyn syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini nygtadylar. Watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi baradaky çykyşlar ilkinji okuw sapagynyň özenini düzdi. Hut şonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutylýan ýörelgelere öwrülendigi baradaky çykyşlardan ruhlanan talyplar täze ýarymýyllyga girişdiler.
Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri üçin, şeýle hem olaryň jemgyýetçilik birleşiklerini ösdürmek we goldamak üçin zerur bolan döwlet kepillendirmelerini üpjün etmekden ybaratdygy baradaky çykyşlar ilkinji sapagyň özenini düzdi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly ilkinji okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim alýan ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.