Diplomatik işgärler güni mynasybetli çäre geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Klubynynyň gurnamagynda 2025-nji – ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk mynasybetli “Bitaraplyk, parahatlyk ýoly bilen öňe barýan ajap Diýar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Güneşli Diýarymyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy taryhy Kararnama bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi. Munuň özi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Bitarap Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýan Maksatnamalaýyn işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünkli amala aşyrylýandygyna aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Şanly wakalara beslenýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi onuň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini has-da artdyrýar.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda Akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy, baý çeperçilige ýugrulan döredijiligi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýaňlandy.

“Bitaraplyk, parahatlyk ýoly bilen öňe barýan ajap Diýar” ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde ýerine ýetirilen şowhunly hem-de joşgunly tanslarynda milli hem medeni gymmatlyklarymyz, taryhy üstünliklerimiz öz beýanyny tapmak bilen akyldar şahyrymyzyň çeper döredijiligine aýratyn orun berilmegi aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň toý ruhyny has-da joşdurdy.

Şatlyk-şowhuna, egsilmez ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy sowulmaz ýaza ýetiren, bagtyýar durmuşda ýaşadan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy
Ermetow Ýusupbaý