Baý mazmunly geçen çäre

Bu günki gün “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şöhraty äleme dolup dünýäni haýrana goýýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bolan 2025-nji ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda bu toparyň gazanan ajaýyp üstünligi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Ýaňy-ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynda: şu institutyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň pofessor- mugallymlarynyň, talyplarynyň, ýaş weterinar lukmanlaryň we ussat seýisçileriň gatnaşmaklarynda “Milli at üstündäki oýunlarynyň däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we halkara derejesinde abraýmyzy artdyrmakda ähmiýeti” atly ylmy webinary geçirildi. Bu çäre “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Çärede Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Kakageldi Çaryberdiýewiň “Türkmen bedewleri ýeňişli ýolda”, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby, ýaş weterinar Ylham Gammargulyýewiň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri”, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, ýaş weterinar lukman Aýgül Babamyradowanyň “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen bedewleriniň waspy” temalardan eden baý mazmunly çykyşlary örän täsirli boldy.

Baý mazmunly geçen çäräniň ahyrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, ýaş weterinar Pirnazar Begdurdyýew çykyş edip şular ýaly çäreleri geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygyny bildirip, janlarynyň sag, işleriniň rowaç almaklaryny dileg etdi.

Orazmyrat ÇANDYROW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy