Türkmen oba hojalyk institutynda “Talyp gözeli-2025” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi

Türkmen topragyna bahar paslynyň öz gözelligi bilen nur saçýan döwründe Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen “Talyp Gözeli- 2025” atly gözellik we zehin bäsleşigi bu paslyň ajaýyplygyna has görk goşdy.

Institutyň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirlen bu bäsleşikde gyzlaryň diňe daşky gözelligine däl, eýsem ruhy baýlygyny, zehinini we edep-terbiýesini, el hünärlerini, başarjaňlygyny hem açyp görkezmek göz öňüne tutuldy. Bäsleşige gatnaşmak üçin institutyň dürli fakultetlerinden gelen, ýüreginde ylham joş urýan zehinli gyzlaryň gatnaşmagy, bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Gyzlar özleriniň içki dünýäsini açyp görkezmek, öz ukyplaryny we arzuwlaryny beýan etmek üçin döredilen mümkinçiliklerden doly peýdalandylar.

Bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan öz ussatlygyny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde talyp gyzlarymyz “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek ukybyny görkezdiler. Bäsleşigiň 3-nji şertinde talyp gyzlar türkmen halkynyň gadymy el işleriniň biri keşde çekmek boýunça öz zehinlerini görkezdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň adalatly baha bermegi netijesinde, “Talyp gözeli - 2025” diýen ada mynasyp bolan Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gözel Haýtgulyýewanyň ady dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Bäsleşige gatnaşyjylar Hormat hatlary, gymmatbaha sowgatlar we gül desseleri bilen sylaglandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp gyzymyz bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

“Talyp gözeli 2025” bäsleşigi diňe bir gözellik bäsleşigi bolman, eýsem talyp gyzlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge we ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berýän ajaýyp çäre boldy.

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby