Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Agrohimiýa we topragy öwreniş hem-de Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedralarynyň guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň mahriban käbesiniň durmuş ýoly maşgala mukaddesliginiň ajaýyp nusgasydyr” atly aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

8-nji mart – Halkara zenanlar güni bilen baglanyşykly geçirilen bu söhbetdeşlige jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Täsirli geçen söhbetdeşlikde institutyň tejribeli zenan mugallymlary şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen käbesiniň orny, millilige ýugrulan nesil terbiýesi, maşgala mukaddesliginde saklamakda zenanlaryň bitiren işleri barada gyzykly gürrüňler edildi.

Çykyş edenler öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” kitabynyň many-mazmuny, Gahryman Arkadagymyzyň käbesiniň nusgalyk durmuş ýoly barada duryp geçdiler.

Bellenilişi ýaly, Ogulabat eje biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeper ellilik aýratynlyklary jemlenendir. Bu aýratynlyklary Gahryman Arkadagymyz “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde hem giňden beýan edýär. Ogulabat ejäniň maşgala ojagyna bolan yhlasy, şeýle-de el hünärine berýän ünsi barada näçe aýtsaň-da bärden gaýdýar. Çünki Ogulabat eje her keşdäni nagşa, her nagşy gözellige, her gözelligi bolsa sungat eserine öwürmegi başarýan zenandyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar, biziň borjumyz bu parasatly däbi mynasyp dowam edip, aýawly saklamak bilen, ony nesillere geçirmekden ybaratdyr.

Çära gatnaşyjylar Ogulabat ejäniň asylly maksady özünde jemleýan milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmäge gönükdirilen häziri işiniň ýaş nesli watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýetini bellidiler hem-de mähriban halkymyzyň iň gowy köp asyrlyk däplerini aýawly saklamga we başlaşdyrmaga goşan goşandy üçin tüýs ýürekden ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Ýangiljon PALÝAZOWA